Ilkinji tranzistor 1947-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Bell laboratoriýasynda amerikaly fizikler Wilýam Şokli, Jon Bardin we Walter Brattain tarapyndan döredildi we bir hepde soň – 1947-nji ýylyň 23-nji dekabrynda oýlap tapyşyň resmi tanyşdyrylyşy boldy. Şeýlelikde, bu sene tranzistoryň oýlanyp tapylan güni hasaplandy. Bu önüm elektron enjamlaryň göwrüminiň ep-esli kiçelmegine getirdi.
1956-njy ýylda bu alymlar “ýarymgeçirijilerdäki barlaglary we tranzistor täsirini tapandyklary üçin” Nobeliň fizika baýragyna myhamsyp boldular. Jon Bardin ýokary geçirijilik teoriýasyny ösdürendigi üçin ikinji gezek Nobel baýragyna eýe boldy.