Gruzýanyň “GeoSKY” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziline 2024-nji ýylda yzygiderli tehniki gonuşlary ýerine ýetirer. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menziliniň resmi saýtynda habar berilýär.
Şu ýylyň oktýabrynda Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrypdy. Şonda “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Çžençžou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Saragosa (Ispaniýa) – Tbilisi – Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrypdy.
2017-nji ýylda esaslandyrylan bu ýük awiakompaniýasy, esasan, Germaniýa, Gruziýa we Hytaýyň arasynda ýük daşamagyň esasy bazary bolan Ýewropa bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda iş alyp barýar.
Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Raýat awiasiýasy gullugynyň habaryna görä, “Geo Sky” uçuşlaryň sany boýunça ýurduň iň iri awiakompaniýasydyr.