Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda goňşy we alysdaky birnäçe döwletiň – Azerbaýjanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň, halkara guramalaryň – ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Halkara kuraş assosiasiýasynyň we Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri bar.


Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik we üns bilen diňlediler. Onda gazanýan ähli üstünliklerimize şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyzyň goşandynyň örän uludygy nygtalýar.
«Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular» diýip, öz hatynda buýsanç bilen belleýän döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylaryň geljekde-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi.


Köpugurly sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde ýurdumyzyň talyp ýaşlary tarapyndan taýýarlanan binagärlik, energetika, mediýa, önümçilik, oba hojalygy ýaly ugurlara degişli dürli taslamalary görmek bolýar. bu taslamalar we olarda ulanylan ýokary tehnologiýa talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim we hünär alýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde ýaş nesiller özleriniň bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda we sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet we hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň gazanan üstünlikleri şu gezekki köpugurly sergide giňden beýan edilýär.