Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 26-njy dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasyndaky özara hasaplaşyklarda milli walýutalaryň ulanylmagyna işjeň geçiş guramanyň agza ýurtlarynyň ykdysady we maliýe garaşsyzlygyny üpjün eder diýdi.
GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Sankt-Peterburgda guralan resmi däl ýygnagynda W. Putin bu ugurdaky işleriň 2024-nji ýylda GDA-nyň başlyklygyny öz üstüne alýan Russiýa tarapyndan hem geçiriljekdigini belledi.
W.Putiniň pikiriçe, geçen ýylda GDA agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy durnukly ösüşi görkezdi. Şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 2 göterim ýokarlanyp, 83,7 milliard dollara ýetdi.
Duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşdy.
Esasy Dünýä täzelikleri Özara hasaplaşyklarda milli walýutalara geçiş GDA ýurtlarynyň özygtyýarlylygyny güýçlendirer