Angliýanyň “Premier Ligasynda” “Boxing Day” duşuşyklarynda, 19-njy tapgyrda “Nýukasl” öz meýdançasynda “Nottingam Forest” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Aleksander Isakyň penaltiden geçiren goly bilen 1-0 öňe saýlansa-da, Kris Wud 45+1-nji minutda hasaby deňledi. Tejribeli hüjümçi 2-nji ýarymda-da 53-nji we 60-njy minutlarda tapawutlanyp, “Boxing Day” gününde het-trik eden 7-nji futbolçy boldy. 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Nottingam Forest” topary “Nýukasly” 35 ýyldan soň ilkinji sapar ýeňlişe sezewar etdi. “Premier Ligada” garşydaşyny ilkinji gezek ýeňen Nottingam Forest” topary golaýda Nuno Espirito Santony wezipä belläpdi.

“Nýukasl” topary bolsa soňky 5 duşuşygynda 4-nji gezek utuldy.