Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Zemine gyş paslynyň gelmegi bilen tebigatyň görnüşi düýpgöter üýtgeýär. Ýylyň ähli paslynda hem paýtagtymyzyň älemgoşar öwüşginli gülleri, ýaşyl baglary, ajaýyp seýilgähleri we onuň tämiz howasy islendik ýaşdaky adama güýç-kuwwat berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda baýramlary baýramlara ulaşýan Watanymyzda 15-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikeldilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Şol pursat döwletimiziň ähli welaýatlarynda bezelen arçalar hem älemgoşar şuglasyny saçyp, Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk-şowhunynyň başlanýandygynyň buşlukçysyna öwrüldi.
Çagajyklara ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylykda adamlar birek-birege sowgat berip, şirinden-şirin arzuw edýär. Täze ýyl baýramçylygynyň dabarasynyň güneşli Diýarymyzda belentden tutulmagy buýsanjyňy has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki wagtda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär.
Diýarymyzyň ähli künjegi ajaýyp öwüşginlere, baýramçylyk lybasyna beslenýär. Dürli öwüşginli Baş arçanyň töweregine müňlerçe adam ýygnanyp, birek-birege rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuwlaýarlar. 2023-nji ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyza uly ösüşler, ýeňişli menziller ýar boldy. Baýramçylyk lybasyna bürenen ýurdumyzda özboluşly binagärlik aýratynlygy Täze ýylyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşýar. Täze ýylyň joşguny, çagalaryň şadyýan gülküleri daş-töweregi gurşap alýar. Durmuşa geçirýän belent başlangyçlary bilen il-halkyny täze belentliklere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer döwlet syýasaty, beýik işleri kalplarda ruhubelentlik duýgusyny joşdurýar.
Halkymyzda toý-baýramlarda, şanly senelerde baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek asyrlardan bäri dowam edip gelýän asylly däbimizdir. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ak bazarlarymyzyň, söwda nokatlarynyň halkyň sarp edýän gündelik harytlary, Täze ýyl sowgatlary we beýleki önümler bilen has-da baýlaşmagy bereketli türkmen saçaklarymyzyň bolçulygyny artdyrýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynyň zähmetsöýer işgärleriniň tagallalary bilen paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ak bazarlarynda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdasy has-da gyzgalaňly dowam edýär. Türkmen telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli önümler bilen baýlaşan bazarlaryň häzirki günlerde mähellesi has-da köpelýär. Bu görnüşler bolsa döwletimize we döwrümize bolan buýsanjymyzy has-da artdyryp, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyzy goşalandyrýar.
Gülşat ANNANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.