Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyl bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda, hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk. Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hasaplanýan ýaşlar üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň ählisiniň giň gerime, uly ähmiýete eýedigini, uzak geljegi nazarlaýandygyny hem nygtamak gerek.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat taýýarlady. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy. Bu kitap ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülip, onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri giňişleýin beýan edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi döwletli döwranymyzyň iň buýsançly wakasy hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Gurluşyk işlerinde ýaşlaryň teklipleriniň diňlenilmegi we olaryň ylmy taslama işleriniň bu «akylly» şäherde gurulýan binalarda ornaşdyrylmagy ýaşlaryň zehinine, güýjüne aýratyn bil baglanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýylyň şygaryndan gözbaş alýan bu özgertmeleriň ählisi zähmeti baýdak edinýän ýaş nesli belent maksatlara ýetmäge, röwşen geljegi gurmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe uly öwrülişikleri başdan geçirýän beýik ykbally türkmen ýaşlary mundan beýläk-de mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge, bütin dünýädäki abraý-mertebesini belende galdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady döwrebaplaşdyryldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda ykdysadyýet we ekologiýa boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şeýle-de talyplaryň arasynda ykdysadyýet boýunça V onlaýn olimpiada guraldy. Bäsleşik, türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde guralan bäsleşikde, ýurduň 16 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 64 talyp bir ýere jemlendi we aýratynlykdaky we toparlar üçin niýetlenen ýumuşlar hödürlendi. Olimpiada talyplary ykdysadyýeti öwrenmäge höweslendirmek we ýaş alymlary ýüze çykarmak, şeýle hem innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly talyplaryň özara gatnaşygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.
Ýurdumyzyň maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli derslerde olimpiadalary yzygiderli geçirýär. Has zehinli we başarnykly okuwçylary ýüze çykarmak, ýaşlaryň bilime we dürli ylymlary öwrenmäge islegini höweslendirmek, geljekde milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşjak ussat hünärmenleri taýýarlamak akyl-paýhas bäsleşiklerini geçirmegiň esasy maksady bolup durýar.
Meret Meredow,
Ymamguly Rejepow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.