Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
Ta­ry­hyň ýe­ne-de bir ýy­ly ta­mam­la­nyp bar­ýar. Biz san­ly­ja gün­den Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl Gut­la­gy­ny diň­lä­ris. Döw­rüň tä­ze men­zi­li­ne ga­dam ba­sa­rys.
2023-nji ýyl ýur­du­myz­da «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi ýaş nes­le yna­my­my­zyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Bu ýyl hal­ky­myz we ýur­du­myz üçin dü­şüm­li, döw­let­li ýyl bol­dy. Ýaş­la­ry­my­zyň dur­mu­şyn­da ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­len­di. Biz di­ňe bir ýy­ly­my­zy däl, tu­tuş döw­rü­mi­zi ýaş­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýa­rys.
Ýa­şu­lu­la­ryň gö­rel­de­si – ýaş­la­ryň ýö­rel­ge­si.
Ne­sil­le­riň do­wa­ma­ty – dö­wür­le­riň bag­la­ny­şy­gy.
Bi­ziň baş­lan asyl­ly iş­le­ri­mi­zi ýaş­la­ry­my­zyň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän­di­gi örän gu­wan­dyr­ýar.
Bu ýyl bü­tin hal­ky­myz bi­len ag­zy­bir­lik­de ýur­du­my­zyň mun­dan beý­lä­gem gül­läp ös­me­gi üçin asyl­ly iş­ler do­wam et­di­ril­di. Mak­sat­lar my­rat ta­pyp, iri tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy.
Iýun aýyn­da hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da Kö­pet­da­gyň ete­gin­de Ar­ka­dag şä­he­ri da­ba­ra­ly açyl­dy. Mu­nuň özi tu­tuş döw­rü­mi­ziň aja­ýyp wa­ka­sy­dyr. Ta­ry­hyň al­tyn sa­hy­pa­sy­dyr.
Bu şä­her şu gü­nüň hem gel­je­giň şä­he­ri­dir!
Bu şä­her bag­ty­ýar­ly­gyň hem aba­dan­çy­ly­gyň şä­he­ri­dir!
Bu şä­her ýaş­ly­gyň hem bagt­ly dur­mu­şyň şä­he­ri­dir!
Gur­mak – gurp­lu­lyk­dan ny­şan. Hä­zir­ki dö­wür­de iri şä­her­dir oba­lar gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär.
Hor­mat­ly adam­lar!
Ýa­şu­ly nes­liň pä­him-paý­ha­sy bi­len ýaş nes­liň tä­ze­çil ga­ra­ýyş­la­ry­nyň saz­la­şan ýe­rin­de ýe­til­me­jek sep­git ýok­dur. Biz ýaş­la­ryň döw­re­bap baş­lan­gyç­la­ry­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da hem ýaş­la­ryň oý-pi­kir­le­ri, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry giň­den ula­nyl­dy. Ola­ryň «akyl­ly» şä­he­riň äh­li des­ga­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça tu­tan­ýer­li zäh­met çe­ken­dik­le­ri­ni buý­sanç bi­len bel­lä­sim gel­ýär.
Bu ýyl Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem ba­dal­ga ber­di. Aja­ýyp me­kan­da tä­ze bi­na­lar, des­ga­lar gur­lup, ýa­şa­ýyş gül­läp ös­ýär. Döw­re­bap şä­her­de gur­lan giň we ýag­ty otag­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, bi­lim ojak­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, sport des­ga­la­ry­dyr söw­da mer­kez­le­ri, sag­lyk eda­ra­la­ry göw­nü­ňi gal­kyn­dyr­ýar. Mu­nuň özi «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­my­zyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Mäh­ri­ban hal­kym!
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len bir ha­tar­da, se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na-da uly äh­mi­ýet ber­ler. Eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän önüm­çi­lik­ler ýo­la goý­lar. Bu önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ry­na-da eks­por­ta ug­ra­da­rys. Şeý­le hem müň­ler­çe ada­my iş bi­len üp­jün ede­ris.
Şu ýyl Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de Tä­ze şä­her­de bir­nä­çe bi­lim ojak­la­ry açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Gur­lu­şyk­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çä­gin­de ýe­ne-de bir döw­re­bap bi­lim oja­gy, ýag­ny Oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my gur­lar. Şeý­le-de oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry bi­na edi­ler. Yl­my eke­ran­çy­ly­gy, mal­dar­çy­ly­gy, ýü­pek­çi­li­gi, umu­man, oba ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da önüm­çi­li­gi alyp ba­ra­rys.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýaş­la­ryň dur­mu­şy bi­len bag­ly baş­ga-da köp iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ry­my­zyň gel­jek­de hem Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­jek­dik­le­ri­ne berk ynan­ýa­ryn. Biz ýaş nes­le he­mi­şe uly ynam bil­dir­ýä­ris. Ýaş­la­ry­myz hem her bir iş­de ýa­şu­ly nes­le sa­la sal­ýar­lar, ge­ňeş­ýär­ler. Biz mun­dan beý­lä­gem ýaş­la­ryň ar­ma­sy­ny ýe­ti­rip, ola­ry uly gel­je­ge ug­ruk­dyr­mak­da asyl­ly iş­le­ri do­wam ede­ris.
Pe­der­le­ri­miz «Ag­zy­bir il – aba­dan» di­ýip­dir­ler. Ne­sip bol­sa, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne tä­ze ýyl­da hem my­na­syp go­şant goş­mak­da eli­miz­den ge­le­ni­ni gaý­gyr­ma­rys. Bi­ziň her bi­ri­mi­ziň öm­rü­mi­ziň ma­ny­sy, dur­mu­şy­my­zyň hö­zi­ri hem Wa­ta­nyň röw­şen yk­ba­ly­na my­na­syp go­şant goş­mak­da­dyr. Arkadagly Serdarymyzyň bel­leý­şi ýa­ly: «Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir! Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr!».
Mäh­ri­ban hal­kym!
Hor­mat­ly adam­lar!
Men hem pur­sat­dan peý­da­la­nyp, si­zi ýe­tip ge­len Tä­ze, luw ýy­ly bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. «Ba­lyk – ha­lyk» diý­li­şi ýa­ly, tä­ze ýyl­da-da si­ze berk jan sag­ly­gy­ny, her bir maş­ga­la oja­gy­na aba­dan­çy­ly­gy, eg­sil­mez bag­ty­ýar­ly­gy ar­zuw ed­ýä­rin.
Tä­ze ýyl hem­mä­ňi­ze rys­gal-döw­let, bagt ge­tir­sin!
Tä­ze ýyl be­dew ba­dy bi­len äh­li­ňi­zi mak­sat-my­ra­da ýe­tir­sin!