Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi ähli halkymyzda buýsanç döretdi. Bu mejlisiň Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Munuň özi biziň ýurdumyzda ähli tutumly işleriň il bähbidine, ynsan bagtyna gönükdirilendiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köp sanlysyna operasiýalaryň geçirilmegi bilen, olaryň aýaga galandyklary, ençemesiniň birnäçe keseller boýunça barlag bejergilerini alandyklary, derman serişdeleri bilen üpjün edilendigi halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Arkadag şäherinde gurlan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş çärelerini geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Ol hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine goldaw zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, olarda şahsy başarnyklary ösdürmek we saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendir.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi
260 operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gaznanyň müdiriýeti tarapyndan asylly, sahawatly işler amala aşyryldy. Bu bolsa köp sanly näsag çaganyň saglygynyň dikeldilmegini üpjün etdi. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça bejergiler amala aşyryldy we saglygy goraýyş, öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, mätäçlik çekýänler üçin lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Munuň özi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Atabaý MOMMYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.