Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem media ulgamynda Hytaýyň “Naqada” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Hytaýyň Haýniň bazasynyň telewideniýe we kino pudagynyň halkara hyzmatdaşlygy üçin synag zolagy tarapyndan öndürilen “Biziň ýaşlygymyz” atly teleserial türkmen dilinde dublýaž edilip ilkinji gezek 2021-nji ýylda “Miras” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda ýaýlyma berildi. Hyzmatdaşlygyň göwrümini giňeltmek maksady bilen 2023-nji ýylda hem “Şatlyk” atly teleserialy we “Tolkun” atly dokumental filmiň 3 bölümi türkmen diline dublýaž edip ýanwar aýynda ýaýlyma bermäge taýýarlanýar. (çeşme: turkmenistaninfo.gov.tm).