Tür­ki­ýe­de bi­lim al­mak is­le­ýän da­şa­ry ýurt ta­lyp­lar üçin örän uly müm­kin­çi­lik­ler ber­ýän Tür­ki­ýä­niň hö­kü­met mak­sat­na­ma­sy bo­lan “Tür­kiye Burs­ları” ta­lyp ha­ky mak­sat­na­ma­sy üçin ýüz tut­ma­lar 10-njy ýan­war­da baş­la­ýar. Bu ba­ra­da bu ta­lyp ha­ky mak­sat­na­ma­sy­ny gu­ra­ýan eda­ra­nyň jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da ha­bar be­ril­ýär.
Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar üçin “Tür­ki­ýe ta­lyp ha­ky” müm­kin­çi­li­gi bi­len uni­wer­si­tet­le­riň ga­py­la­ry­ny aç­ýar.
“Tür­kiye Burs­ları” ta­lyp ha­ky mak­sat­na­ma­sy üçin ýüz tut­ma­lar 10-njy ýan­war­da baş­lap, 20-nji few­ra­la çen­li do­wam ed­ýär.
Ozal bil­şi­ňiz ýa­ly, “Tür­kiye Burs­ları” ta­lyp ha­ky mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça Tür­ki­ýe­den ge­len de­giş­li yg­ty­ýar­ly we­kil­ler bi­len ge­çi­ren söh­bet­deş­li­gi­miz­de gel­jek ýyl Türk­me­nis­tan­dan ta­lyp ha­ky mak­sat­na­ma­sy bi­len alyn­jak ta­lyp­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çi­lip­di.
Mak­sat­na­ma­nyň nä­hili aý­ra­tyn­ly­klary bar:
Talyby uni­wer­si­te­te we oka­jak bö­lü­mi­ne ýer­leş­di­rýär.
Okuw tö­leg­le­ri­ni tö­leýär
Umu­my ýa­şa­ýyş jaý çyk­da­jy­la­ryny tö­leýär
Tür­ki­ýä gi­dip-gel­mek üçin 1 ge­zek­lik hal­ka­ra uçar bi­le­ti­ni­ alyp be­rýär
Sag­lyk äti­ýaç­lyk üçin çyk­da­jy­la­ry­ tö­leýär
Hä­zir­ki wagt­da Tür­ki­ýe­de je­mi 15 müň­den köp da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp “Ta­lyp ha­ky” mak­sat­na­ma­syn­dan peý­da­lan­ýar. Bel­le­me­li zat, Tür­ki­ýä­niň dür­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den hä­zi­re çen­li je­mi 150 müň­den köp da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry oku­wy­ny ta­mam­la­dy.