2024-nji ýylyň maý aýynda Litwada Prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň saýlaw topary şu ýylyň noýabr aýynda ýurtda saýlaw kampaniýasynyň başlandygyny mälim edipdi. Seýmanyň kararyna görä, Prezident saýlawlarynyň senesi 2024-nji ýylyň 12-nji maýynda bellenildi. Ikinji tapgyra zerurlyk bolan halatynda 26-njy maýda meýilleşdirilýär.
Ýurduň Premýer-ministri Ingrida Simonite, ýaragly güýçleriň öňki serkerdesi Waldas Tutkus, Kazlu-Ruda şäheriniň häkimi Mantas Waraska, öňki saglygy goraýyş ministri Aureliýus Weriga, lukmançylyk ylymlary boýunça professor Eduardas Waýtkus, jemgyýetçilik işgäri Antanas Kandrotas we NATO-nyň baş sekretarynyň öňki orunbasary Giedrimas Ýeglinskas dagy döwlet Baştutany wezipesine dalaş etmekçi.
Litwanyň Prezidenti Gitanas Nausėda maý aýyndaky saýlawlara dalaşgärlik etjekdigini mälim etdi. Nauseda ikinji tapgyrda häzirki Premýer-ministr Ingrida Simoniteni ýeňip, 2019-njy ýylda Prezident saýlandy. BNS agentliginiň habaryna görä, häzirki 59 ýaşly döwlet Baştutany, ikinji gezek ýurda ýolbaşçylyk etmek üçin geçirilen pikir soralyşyklarda öňdebaryjy dalaşgärleriň biri boldy. Konserwator Şimonite we aklawçy Ignas Wegele onuň esasy garşydaşlary hasaplanýar. Umuman alanyňda, 10-dan gowrak adam saýlawlara gatnaşjakdygyny mälim etdi.
Litwa Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän ýurt. Ilaty 2 million 866 müňden gowrak. Baltika deňzine çykalgasy bolan bu ýurt Latwiýa, Belarus, Polşa we Russiýanyň Kaliningrad sebiti bilen serhetleşýär. Paýtagty Wilnius. Şeýle hem Litwa 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.