Agzybir halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary üstünliklerdir beýik işlere besläp, netijeli görkezijiler, zähmet ýeňişleri bilen tamamlady. Bu şanly ýyl Watanymyzyň ýüregi – merjen paýtagtymyz Aşgabatda, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda taryhy wakalara, döwletli tutumlara baý boldy. Uly üstünlikler bilen tamamlanan 2023-nji ýyl aýratyn hem ýaşlaryň durmuşynda ýatda galyjy şanly wakalara beslendi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak Täze, 2024-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylady. Iki ýylyň sepgidinde Garaşsyz Watanymyzyň çar künjegi baýramçylyk keşbine beslenip, ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Täze – 2024-nji ýylyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk dabaralary türkmen toýlaryna mahsus köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşdy. Ony medeniýet işgärleri, sungat ussatlary ýörite taýýarlanan aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen bezediler. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň waspy öz beýanyny tapdy. Il-sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hormatly Prezidentimizi, şeýle hem ähli halkymyzy ýetip gelen Täze ýyl bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Geçen ýylyň soňky günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Täze – 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Şu ýyl diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Ýylyň adynyň hem akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyrylmagy halkymyzyň buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr.
Biz täze ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip belleýär.
Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy hem halkymyzyň we ýaş nesilleriň toý şatlygyny artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirler bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýip belleýär.
«Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eser ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar.
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we dünýäde uludan tutular.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şonuň ýaly-da Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyndan orun almagy hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy.
Umuman, ak mermerli paýtagtymyz bilen birlikde ýurdumyzyň şäherdir obalarynda şowhunly baýramçylyk dabaralary geçirilip, her bir öýde, her bir maşgalada ýagşy arzuwlar, şatlykly pursatlar bilen Täze ýyl garşy alyndy. Täze, 2024-nji ýylda hem ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterjek, ildeşlerimizi täze sepgitlere ruhlandyrjak beýik işler batly depginde dowam etdiriler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ata Watanymyzyň abraýy Ýer ýüzünde has-da belende galar.