Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleri, işewürlik maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, saparyň dowamynda birnäçe wajyp resminamalara gol çekildi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň wajyp ýurtlarynyň biridir. Söhbetdeşler bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda hökümetara toparyň 7-nji mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Umumy pikire görä, iki ýurtda sergileriň, özara Medeniýet günleriniň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni täsir edýär.

Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Türkiýede bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky ýurdumyzda işe başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.