“Türkmenistan” awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidde (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine uçar gatnawlaryny ýola goýar. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322,5 TMT) we Hoşimin (6002,5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy.
Täze ugurlardaky ilkinji uçuşlar 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda meýilleşdirilýär.
5-nji ýanwardan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat – Abu Dabi – Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlara başlanandygyny bellemek bolar.
Şeýlelikde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy täze ugurlary açmak bilen özara uçar gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar.