8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi geçirilýär. oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak.
Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.