8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri sebitlerde do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş we ge­riş çek­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Go­wa­ça eki­şin­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak, ekiş­de pag­ta­çy daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my bi­len üp­jün et­mek üçin ka­bul edi­lip al­nan to­hum­lyk pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem we­la­ýat­lar­da ýe­ral­ma­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­me­li ýer­le­ri kes­git­le­ni­lip, sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler se­bit­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk iş­let­mek, ila­ty elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz, agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di we we­la­ýat­la­ryň bug­daý meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, go­wa­ça ekil­jek ýer­le­ri, ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my­ny ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gin­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi hä­kim­le­re tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň gol çe­ken «Türk­me­nis­tan­da 2024-nji ýyl­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş, ge­riş, çil çek­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Bu iş­ler­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Ýaz­ky ekiş möw­sü­min­de pag­ta­çy daý­han­la­ry­my­zy ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len üp­jün et­mek üçin pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da to­hum­lyk pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de to­hum­lyk go­wa­ça çi­git­le­ri­ni taý­ýar­la­mak, ola­ry ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýaz­ky ekiş möw­sü­min­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we gu­ral­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­jek meý­dan­la­ry şu ýy­lyň ýaz­ky eki­şi­ne taý­ýar­la­nyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we ýur­du­my­zyň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry eki­şe taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gin­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­ni, pag­ta­çy daý­han­lar üçin ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry­nyň taý­ýar edil­me­gi­ni, gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­nyň ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, öňü­miz­dä­ki ekiş möw­sü­mi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di we ekiş­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, gu­ral­la­ryň möw­sü­me do­ly taý­ýar edil­me­gi­ni, ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le hem we­la­ýat­lar­da­ky me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­da­ky ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­dil­me­gi, ila­tyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz, agyz su­wy bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.