Aşhanada iň köp ulanylýan gurallaryň biri hem çaý gaýnadylýan çäýnek bolsa gerek. Suwuň yzygiderli gaýnadylmagy bilen çäýnekde ak gatlakly kesmekler emele gelýär. Bu ýagdaý demlenýän çaýyň reňkine we tagamyna täsirini ýetirýär. Eýsem, çaý çäýnegini nähili arassalamaly?
Çäýnegi çökündilerden arassalamagyň iň amatly we ýönekeý usuly limon ýa-da limon kislotasyny ulanmakdyr. Çäýnegi ýarymyna çenli suw guýup, oduň üstüne goýmaly. 2-3 çemçe limon kislotasyny goşup, gaýnaýança garaşmaly. Çäýnegi 15-20 minut gaýnatmak ýeterlik. Hek gatlaklary eräp başlandan soň, çäýnegiň aşagyny öçürip, biraz sowaýança garaşmaly. Soňra eliňe ellik geýip, kiçiräk agaç susak bilen hapany aýyrmaly we çäýnegi mazaly çaýkamaly. Çäýnegi guraýança düňderip goýmaly.
Şeýle-de çaý çäýnekde toplanan çökündini miwe sirkesi, duz hem-de nahar sodasy bilen hem arassalap bolýar. Çäýnege çökündi bilen deň suw guýup, üstüne 2 nahar çemçesi miwe sirkesini goşmaly. Soňra 1 nahar çemçesi duz goşup, mazaly bulamaly. 10 minut geçenden soň, çäýnekdäki ak gatlaklar aýrylyp ugraýar. Çäýnegi ýuwup, guradandan soň, täze çaý demläp bilersiňiz.
Beýleki bir usulda çäýnege ýarym bolýança suw guýup, 3 nahar çemçesi nahar sodasyny goşmaly. 10-15 minut gaýnadylandan soň, sowaýança garaşmaly we sürteç bilen arassalamaly.
Akar suwuň düzümindäki kalsiý we magniý ýaly minerallar gaýnandan soň gurap, ak gatlagy emele getirýär. Düýbünde çökündi gatlaklary bolan çäýnekde uzak wagtlap çaý içmek saglyk üçin zyýanly bolup, wagtly-wagtynda arassalamagy endik etmeli.