Ertir Kot-d’Iwuarda başlanjak 34-nji Afrika Milletler Kubogy ilkinji gezek 1957-nji ýylda Sudanda geçirilip, ýaryşyň irki ýyllarda belli bir periodik geçiriliş tertibi ýokdy. 2-3 ýyldan bir guralan ýaryşda Müsüriň ýygyndysy 7 çempionlyk bilen sanawyň başyny çekýär (1957, 1959, 1986, 1998, 2006, 2008, 2010).
Kamerunyň 5 (1984, 1988, 2000, 2002, 2017), Gananyň 4 (1963, 1965, 1978, 1982), Nigeriýanyň 3 (1980, 1994, 2013), Kot-d’Iwuaryň 2 (1992, 2015), Alžiriň 2 (1990, 2019), Kongo DR-niň 2 (1968, 1974), şol sanda, Efiopiýanyň (1962), Sudanyň (1970), Kongonyň (1972) Marokkonyň (1976), Tunisiň (2004), Günorta Afrikanyň (1996), Zambiýanyň (2012) hem-de Senegalyň (2021) 1 çempionlygy bar. Sudanyň çempionlygy-da garaşylmadyk ýeňiş bolsa-da, ýaryşyň taryhynda 2012-nji ýyldaky Zambiýanyň çempionlygy iň ýatdan çykmajak çempionlyk bolýar.
Gananyň ýygyndysy gazanan 4 çempionlygyndan başga-da finalda 5 gezek utuldy. Şol sanda Nigeriýanyň ýygyndysy 4, Müsüriň ýygyndysy 3, Kamerunyň, Kot-d’Iwuaryň, Zambiýanyň, Tunisiň, Sudanyň, Senegalyň ýygyndylary 2 gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.
Çempionat Müsürde 5, Ganada 4, Efiopiýada 3, Tunisde 3, Sudanda 2, Kamerunda 2, GAR-da 2, Nigeriýada 2 gezek guraldy.