Şu gün Katarda futbol boýunça 18-nji Aziýa Kubogyna badalga berler. Çempionata jemi 24 ýygyndy gatnaşyp, duşuşyklar 5 şäherdäki 9 stadionda geçiriler. Täjigistan çempionatyň debýutanty bolup, olar “A” toparçada hem ýer eýeleri hem-de çempion hökmünde ýaryşa gatnaşýan Katar bilen, şol sanda Hytaýdyr Liwanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar. Toparçalardaky duşuşyklar 25-nji ýanwarda tamamlanar. Toparçalardaky duşuşyklar 16:30-da, 19:30-da 20:00-da hem-de 22:30-da başlanar. Diňe çempionatyň açylyş duşuşygy 21:00-da bolup, şu gün oýnaljak Katar bilen Liwanyň arasyndaky bu duşuşyga awstraliýaly Alireza Fagani eminlik eder.

 

“A” TOPARÇA: Katar, Hytaý, Liwan, Täjigistan

“B” TOPARÇA: Awstraliýa, Özbegistan, Hindistan, Siriýa

“C” TOPARÇA: Eýran, BAE, Gonkong, Palestina

“D” TOPARÇA: Ýaponiýa, Indoneziýa, Yrak, Wýetnam

“E” TOPARÇA: Günorta Koreýa, Malaýziýa, Iordaniýa, Bahreýn

“F” TOPARÇA: Saud Arabystany, Tailand, Gyrgyzystan, Oman

TOPARÇALARDAKY DUŞUŞYKLARYŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI

“A” TOPARÇA:

12-nji ýanwar:  Katar – Liwan (21:00)

13-nji ýanwar: Hytaý – Täjigistan (19:30)

17-nji ýanwar: Liwan – Hytaý (16:30), Täjigistan – Katar (19:30)

22-nji ýanwar: Katar – Hytaý (20:00), Täjigistan – Liwan (20:00)

“B” TOPARÇA:

13-nji ýanwar: Awstraliýa – Hindistan (16:30), Özbegistan – Siriýa (22:30)

18-nji ýanwar: Siriýa – Awstraliýa (16:30), Hindistan – Özbegistan (19:30)

23-nji ýanwar: Awstraliýa – Özbegistan (16:30), Siriýa – Hindistan (16:30)

“C” TOPARÇA:

14-nji ýanwar: BAE – Gonkong (19:30), Eýran – Palestina (22:30)

18-nji ýanwar: Palestina – BAE (22:30)

19-njy ýanwar: Gonkong – Eýran (22:30)

23-nji ýanwar: Eýran – BAE (20:00), Gonkong – Palestina (20:00)

“D” TOPARÇA:

14-nji ýanwar: Ýaponiýa – Wýetnam (16:30)

15-nji ýanwar: Indoneziýa – Yrak (19:30)

19-njy ýanwar: Yrak – Ýaponiýa (16:30), Wýetnam – Indoneziýa (19:30)

24-nji ýanwar: Ýaponiýa – Indoneziýa (16:30), Yrak – Wýetnam (16:30)

“E” TOPARÇA:

15-nji ýanwar: Günorta Koreýa – Bahreýn (16:30), Malaýziýa – Iordaniýa (22:30)

20-nji ýanwar: Iordaniýa – Günorta Koreýa (16:30), Bahreýn – Malaýziýa (19:30)

25-nji ýanwar: Günorta Koreýa – Malaýziýa (16:30), Iordaniýa – Bahreýn (16:30)

“F” TOPARÇA:

16-njy ýanwar: Tailand – Gyrgyzystan (19:30), Saud Arabystany – Oman (22:30)

21-nji ýanwar: Oman – Tailand (19:30), Gyrgyzystan – Saud Arabystany (22:30)

25-nji ýanwar: Saud Arabystany – Tailand (20:00), Gyrgyzystan – Oman (20:00)