Figuralaýyn typmak boýunça Litwanyň Kaunas şäherinde geçirilen Ýewropa çempionaty tamamlandy. Çempionatda erkekleriň arasynda ýekeleýin ýaryşda fransiýaly 22 ýaşyndaky Adam Siao Him Fa bassyr 2-nji gezek yklym ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol 2 tapgyrda-da (gysga programma, erkin typmak) iň köp utugy toplamagy başardy. Bu ugurda estoniýaly Aleksandr Selewko 2-nji, italiýaly Matteo Rizzo 3-nji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda belgiýaly Luna Hendriks 2 tapgyrda öňe saýlanyp, yklym ýaryşyndaky ilkinji altyn medalyny boýnuna dakdy. Ol geçen ýylyň çempiony gruziýaly Anastasiýa Gubanowadan hem-de watandaşy Ninan Pinzarroneden öňe saýlandy.

Jübütleýin ýaryşda italiýaly türgenler ýeňiş münberinden 2 orun aldylar. Lukrezia Bekkari bilen Matteo Guarise altyn, Rebekka Gilardi bilenem Filippo Ambrosini bürünç medala mynasyp boldular. Bekkari bilen Guarise gysga programmada 3-nji bolsalaram, erkin typmakda toplan utuklary bilen umumylykda 1-nji orna çykdylar. Jübütleýin ýaryşda kümüş medaly bolsa gruziýaly Anastasiýa Metelkina bilen Luka Berulawa ikisi gazandylar.

Buzda tans ýaryşynda italiýaly Şarlen Žinar bilen Marko Fabbri ikisine bu ýylam taý tapylmady. Beýik britaniýaly Lila Fear bilen Lýuwis Gibson kümüş, ýer eýelerinden litwaly Allison Rid bilen Saulius Ambrulewçius ikisi-de bürünç medala mynasyp boldular.