Iki ýaşyndaky amerikaly gyzjagaz Isla Maknabb (Lentukki ştaty) aňynyň koeffisiýenti ýokary bolan (IQ) adamlaryň jemgyýetiň iň ýaş agzasy boldy. Munuň özi onuň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegine esas boldy. Islanyň kakasy onuň heniz ýedi aýlyk çagaka ady tutulan zadyň suratyny kitaplardan görkezmegi başarandygyny, elipbiýi 18 aýda öwrenendigini we iki ýaşynda okap başlandygyny gürrüň berýär. Mundan başga-da, gyzjagaz sanlaryň ählisini we reňkleriň köpüsini bilýär. Gyzjagazyň hossarlary onuň IQ derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetine girmäge dalaşgär hökmünde synaglara gatnaşmagy hakyndaky çözgüdi oňladylar. Birbada hünärmenler şeýle ýaş çagany synamakdan ýüz öwürdiler. Muňa garamazdan, köprejäni synaga çagyrmak netijesin geldiler. Häzir Isla üç ýaşynda. Ol çagalar bagyna gatnaýar. Gyzjagaz matematikany, surat çekmegi hem-de okamagy halaýar. Gyzjagazyň hossarlary onuň aýratyn bilim meýilnamasynyň düzülmegini we mekdebe has ir gitmegine rugsat berilmegini isleýärler.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.
PDF









