Iki ýaşynda okamagy öwrenen gyzjagaz Rekordlar kitabyna girizildi

86

Iki ýa­şyn­da­ky ame­ri­ka­ly gyz­ja­gaz Is­la Mak­nabb (Len­tuk­ki şta­ty) aňy­nyň ko­ef­fi­si­ýen­ti ýo­ka­ry bo­lan (IQ) adam­la­ryň jem­gy­ýe­tiň iň ýaş ag­za­sy bol­dy. Mu­nuň özi onuň Gin­ne­siň Re­kord­lar ki­ta­by­na gir­me­gi­ne esas bol­dy. Is­la­nyň ka­ka­sy onuň he­niz ýe­di aý­lyk ça­ga­ka ady tu­tu­lan za­dyň su­ra­ty­ny ki­tap­lar­dan gör­kez­me­gi ba­şa­ran­dy­gy­ny, elip­bi­ýi 18 aý­da öw­re­nen­di­gi­ni we iki ýa­şyn­da okap baş­lan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, gyz­ja­gaz san­la­ryň äh­li­si­ni we reňk­le­riň kö­pü­si­ni bil­ýär. Gyz­ja­ga­zyň hos­sar­la­ry onuň IQ de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan adam­la­ryň jem­gy­ýe­ti­ne gir­mä­ge da­laş­gär hök­mün­de sy­nag­la­ra gat­naş­ma­gy ha­kyn­da­ky çöz­gü­di oň­la­dy­lar. Bir­ba­da hü­när­men­ler şeý­le ýaş ça­ga­ny sy­na­mak­dan ýüz öwür­di­ler. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, köp­re­jä­ni sy­na­ga ça­gyr­mak ne­ti­je­sin gel­di­ler. Hä­zir Is­la üç ýa­şyn­da. Ol ça­ga­lar ba­gy­na gat­na­ýar. Gyz­ja­gaz ma­te­ma­ti­ka­ny, su­rat çek­me­gi hem-de oka­ma­gy ha­la­ýar. Gyz­ja­ga­zyň hos­sar­la­ry onuň aý­ra­tyn bi­lim me­ýil­na­ma­sy­nyň dü­zül­me­gi­ni we mek­de­be has ir git­me­gi­ne rug­sat be­ril­me­gi­ni is­le­ýär­ler.

Mäh­rem BA­BA­MY­RA­DO­WA, Ho­jam­baz et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy.