16-njy ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan 2023-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de bu eda­ra­la­ryň öňün­de dur­ýan ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Şeý­le hem Ga­raş­syz ýur­du­myz­da howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ge­çen ýyl­da ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, “Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň” ka­bul edil­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň go­ran­mak uky­by­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň go­şun­la­ry­nyň dü­zü­mi­ni hil taý­dan ýo­kar­lan­dyr­mak üçin har­by öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, har­by gul­luk­çy­la­ry okat­mak we ola­ryň taý­ýar­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­mek, Wa­ta­na, har­by gul­lu­ga we­pa­ly ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Baş pro­ku­ror S.Mä­lik­gu­ly­ýew pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan 2023-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak, şeý­le hem öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň işi­ni pes de­re­je­de gu­rap, we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­män­di­gi üçin, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ra­zy­ly­gy bi­len, S.Mä­lik­gu­ly­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry we­zi­pe­si­ne Beg­mu­rat Mu­ha­me­dow bel­le­nil­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik düz­gün-ter­ti­bi­ni üp­jün et­me­giň we hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­gyň çäk­le­rin­de ge­çen ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem bu eda­ra­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, de­giş­li dü­züm­le­ri iň tä­ze teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­me­giň, je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­me­giň, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň we ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­niň bar­şy, san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni, ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny, ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ter­tip-düz­gü­ni­ni we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da­ky iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak üçin ola­ry döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler, aw­tou­lag­lar bi­len üp­jün et­mek iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek mö­hüm­dir. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan 2023-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, “Türk­me­nis­ta­nyň ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da” kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da anyk çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu işiň esa­sy mak­sa­dy ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň, döw­let hem jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­niň ka­zy­ýet ta­ra­pyn­dan go­ral­ma­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­me­gi ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň hem döw­re­bap he­re­ket et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­na ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­nyň 2023-nji ýyl­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri hem-de döw­let ösü­şi­niň we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň mil­li howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy­na ýur­du­my­zyň çäk bi­te­wü­li­gi­ni, kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny go­ra­ma­ga, jem­gy­ýe­tiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň ge­çen ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, şeý­le hem ser­het bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry üçin ta­la­ba­la­ýyk gul­luk, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ser­he­di­niň goň­şy we beý­le­ki döw­let­ler bi­len dost-do­gan­ly­gyň ser­he­di­di­gi­ni aýt­dy hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň Ser­het go­şun­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, Döw­let ser­he­di­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek üçin Ser­het go­şun­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de 2023-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hu­su­san-da, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, bu dü­zü­miň işin­de san­ly ul­ga­my iş­jeň ulan­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ila­ta hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hu­kuk taý­dan so­wat­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ada­lat­ly­lyk, deň­lik we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir. Ka­bul edil­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ka­nu­ny bol­ma­gy­ny, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň we­zi­pe­le­ri­ne we ösü­şi­ne la­ýyk gel­me­gi­ni ga­zan­ma­ly­dy­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ge­çen ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, gul­lu­gyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek we onuň äh­li dü­züm­le­rin­de işiň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi we da­şa­ry yk­dy­sa­dy işiň ge­ri­mi­niň gi­ňe­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da­syn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň ýyl­sa­ýyn art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň tä­ze ugur­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­li­gi hem yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­sy­na döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, güm­rük amal­la­ry­ny, edil­ýän hyz­mat­la­ry san­ly ul­ga­myň üs­ti bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek tab­şy­ryl­dy.
Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow 2023-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, bu dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň gul­luk et­me­gi, ola­ryň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň, me­de­ni çä­re­le­riň we sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mig­ra­si­ýa ba­bat­da adam­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry et­mek bo­ýun­ça mig­ra­si­ýa eda­ra­la­ry­nyň öňün­de uly we­zi­pe­ler dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu ba­bat­da Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, howp­suz­ly­gy, jem­gy­ýet­çi­lik-hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mä­ge go­şan şah­sy go­şant­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň kä­bir ýol­baş­çy­la­ry­na har­by we ýö­ri­te at­la­ry, hü­när de­re­je­si­ni ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de de­giş­li Per­man­la­ra gol çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gol çe­ki­len Per­man­la­ra la­ýyk­lyk­da, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny gow­şur­dy. Olar hal­ky­my­za, Wa­ta­ny­my­za, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny aýt­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň je­mi­ni jem­läp, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň har­by howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni hem-de bu işiň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.