Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mar­ga­ri­tis Şi­nas Mer­ke­zi Azi­ýa­da sa­par­da bol­ýar. Ýew­ro­pa­ly dip­lo­mat 15-nji ýan­war­da Gyr­gy­zys­ta­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row hem-de da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Že­en­bek Ku­lu­ba­ýew bi­len du­şuş­dy. Ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de esa­san, Hy­taý-Gyr­gy­zys­tan-Öz­be­gis­tan de­mir ýol tas­la­ma­sy hem-de gyr­gyz we­ki­li­ýe­ti­niň şu aýyň ahy­ryn­da Brýus­sel­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dur­nuk­ly ulag ara­bag­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça “Glo­bal Ga­te­way” ma­ýa go­ýum fo­ru­my­na gat­naş­ma­gy ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň di­wa­ny­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­ty­na gö­rä, du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Gyr­gy­zys­tan üçin äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar, ma­ýa go­ýum­lar, ma­li­ýe çeş­me­si, bank gat­na­şyk­la­ry we se­bit­le­ýin howp­suz­lyk ýa­ly me­se­le­le­re ga­ra­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, du­şu­şyk­da adam hu­kuk­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry, met­bu­gat azat­ly­gy we in­ter­ne­te el­ýe­ter­li­lik bi­len yg­ty­bar­ly mag­lu­ma­tyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da bel­le­ni­lip­dir. Şi­nas bu ýur­da sa­pa­ry­nyň mak­sa­dy­nyň kli­mat tas­la­ma­la­ry, san­ly­laş­ma we ulag ge­çel­ge­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ba­ra­da bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem, 16-njy ýan­war­da Mar­ga­ri­tis Şi­nas res­mi sa­par bi­len Tä­ji­gis­tan­da bol­dy. Ol sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ýur­duň Pre­mi­ýer-mi­nist­ri Ko­hir Ra­sul­zo­da, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Si­ro­jid­din Muh­rid­din hem-de Se­na­gat we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nist­ri Şe­ra­li Ka­bir bi­len du­şuş­dy. Bu sa­pa­ryň Tä­ji­gis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mö­hüm müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi nyg­tal­dy. Şeý­le hem “Glo­bal Ga­te­way” ma­ýa go­ýum fo­ru­my ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Hu­su­san-da, ta­rap­lar ulag, san­ly bi­rik­me we suw ener­gi­ýa­sy ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri, kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi we howp­suz­lyk, şol san­da ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş ýa­ly mö­hüm te­ma­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Şeý­le hem Şi­nasyň 15-nji ýan­war­da Ga­za­gys­ta­na bo­lan sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy Mau­len Aşim­ba­ýew hem-de ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Ali­han Smai­low bi­len du­şuş­ygy boldy.
16-njy ýan­war­da bol­sa, ýew­ro­pa­ly dip­lo­mat Daş­kent­de bo­lup, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Prem­ýer-mi­nist­riň orun­ba­sa­ry Jam­şid Ho­ja­ýew hem-de da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Bah­ti­ýor Sai­dow bi­len du­şuş­dy.

17-nji ýan­war­da – şu gün Mar­ga­ri­tis Şi­na­syň paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bo­lup, dür­li du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rer. Ýew­ro­pa­ly dip­lo­ma­tyň iş sa­pa­ry­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek we ös­dür­mek ba­ra­da­ky umu­my mak­sat bi­len me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­nyň çä­gin­de Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Wi­se-pre­zi­den­ti Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Türk­me­nis­tan da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Re­şid Me­re­dow bi­len du­şuş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Hal­ka­ra met­bu­ga­tyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu sa­par Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň bar­ha art­ýan äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­ýär.
Bu sa­pa­ryň 29-30-njy ýan­war­da Brýus­sel­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dur­nuk­ly ulag ara­bag­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça “Glo­bal Ga­te­way” ma­ýa go­ýum fo­ru­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi onuň äh­mi­ýe­ti­ni bar­ha art­dyr­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2023-nji ýy­lyň ýan­war-okt­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy 1,5 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak bol­dy, bu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň eks­por­ty, tak­my­nan, 962,4 mil­li­on ýew­ro, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­dan im­por­ty bol­sa 543,3 mil­li­on ýew­ro bol­dy.