Öten agşam “SpaceX” kompaniýasynyň “Dragon” kosmos gämisi uçuryldy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçurylan “Axiom Space”-iň “Ax-3” atly missiýasyndaky ekipažda ABŞ-dan Mihael Lopez-Alegriýa, Italiýadan uçarman Walter Willadeý, Şwesiýadadan Markus Wandt hem-de Türkiýeden Alper Gezerawjy bar. Kosmos gämisi 1,5 gije-gündizden soňra Halkara kosmos bekedine biriger. Ekipažyň agzalary iki hepde ýaly kosmos bekedinde bolarlar.
Hususy eýeçilige degişli bolan “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketalary adaty raketalardan tapawutlylykda belli bir belentlige çykandan soňra yzyna gonýar. Soňra raketanyň galan bölegini gaýtadan peýdalanyp bolýar. Şol sebäpli kosmosa uçuşlar has arzan düşýär. Häzire çenli bu raketalar bilen jemi 289 uçuş amala aşyrylypdyr. Olaryň 246-sy şowly ýagdaýda yzyna gonupdyr. 221 uçuşda ozalky ulanylan raketalar gaýtadan peýdalanylypdyr. Raketanyň uzynlygy 70 metre, diametri 3,7 metre we agramy 550 tonna barabar. Bu äpet raketalar arkaly Ýeriň orbitasyna 22 müň, ondan ýokardaky geçiş nokadyna 8 müň 300 we Marsa 4 müň kilogram ýük äkidip biljek derejede güýçli.
Içinde ekipaž gidýän “Dragon” kapsulasyna bolsa 7 adam ýa-da şoňa barabar ýük sygýar. Ondan başga-da gäminiň arka tarapynda aýratynlykda ýük goýulýan bölümi bar. Diametri 4 metre ýetýän gäminiň uzynlygy 8,1 metr.
Bu raketanyň we kapsulanyň işlenip taýýarlanmagy kosmosa uçuşlary görnetin arzanlatdy. Şol sebäpli isleg bildirýän islendik kärdäki adam kosmos uçuşlaryna gatnaşyp başlady.
Türkiýäniň ilkinji astronawtynyň halkara kosmos bekedinde birnäçe ylmy işlere gatnaşjakdygy mälim edildi.