“Artsy” portaly, basym London, Nýu-Ýork we Pariž ýaly ykrar edilen sungat merkezleri bilen çynlakaý bäsleşip biljek dünýäniň bäş şäheriniň sanawyny düzdi. Hünärmenleriň saýlawynda, esasan, köp ugurly ýerli galereýa ulgamy, her ýyl geçirilýän sungat ýarmarkalarynyň sany, sergi maksatnamasynyň dürli-dürlüligi we işjeň kolleksionerleriň sany aýratyn rol oýnady.
“Artsy” portalynyň awtorlary Koreýa Respublikasy barada durup geçip, Aziýanyň medeni we ykdysady derwezesi bolup hyzmat edýän port şäheri Pusan şäherine ünsüni jemlediler. Geçen ýyl “Bloomberg” Pusany “Günorta Koreýanyň Maýamisi” diýip atlandyrdy. Şeýle-de geçen tomus 22 ýurtdan 145 galereýany birleşdiren “Art Busan” ýarmarkasynda geçirilen satuwda 20% ösüş gazanyldy.
Makalada amerikan Atlantasynyň ABŞ-nyň iň çalt ösýän şäherlerinden biri bolup, şäheriň sungat sahnasynyň barha ösýändigi bellenilýär. “United Talent Agency”, “Jackson Fine Art” we “Wolfgang Gallery” ýaly galereýalar ýerli bazardaky işjeňligini giňeldýärler.
Fransiýanyň günorta kenarynda ýerleşýän Marsel şäheri ýakynda “Time” žurnaly tarapyndan “Günorta Ýewropanyň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri” diýlip mälim edildi.
Pariž bilen deňeşdirilende, kärende tölegi Marseli ýaňy başlan suratkeşler üçin üçin studiýa mekanyna öwürdi. Bu ýerde sungat rezidensiýalarynyň giň ulgamy işjeň ösýär we täze sergi meýdançalary peýda bolýar. Makalada geljegi uly dünýä sungat merkezleriniň arasynda Kair we Ibisa hem agzalyp geçilýär.