Uly ýolagçy gämileri kenarýaka şäherleri we ummanlaryň gözelliklerini synlamak isleýänlere amatly mümkinçilik döredýär. Şol sebäpli kruiz gämiler bilen amala aşyrylýan syýahatlar syýahatçylygyň aýratyn ugry hasaplanýar. Içinde ähli şertler bolan bu gämiler uzak aralyga birnäçe günläp, hatda aýlap syýahat edýär. Golaýda şeýle gämileriň ýene biri ilkinji syýahatyna çykar. “Deňizleriň nyşany” (“Icon of the Seas”) atly ägirt uly gämi ululygy bilen haýran galdyrýar. Ady rowaýata öwrülen “Titanik” gämisinden 5 essä barabar uly bolan bu gäminiň içinde suwa düşülýän howuzlar, akwapark, beýikligi 17 metre ýetýän şaglawuk bilen bir hatarda şäherde duş gelip biljek dükanlar, söwda merkezi ýaly ähli zat jemlenen. Gämide jemi 2 müň 350 ekipaž zähmet çeker. 7 müň 600 ýolagçy orunlyk suw ulagynyň uzynlygy 365 metre, ini 48 metre ýetýär. 27-nji ýanwarda ilkinji syýahatyna başlajak gämi Meksika, Gonduras we Bagama adalarynda düşläp geçer. Gämi bilen bir hepdelik gezelenjiň bahasy 1 müň 723 dollardan 4 müň 99 dollar aralygyndadyr. Bilet satuwy üç ýyl öňünden açylýar. Dünýädäki iň uly gämi şu ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji syýahatyna çykar.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy