Ir döwürler türkmen telewideniýesiniň «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Kino, kino, kino» atly gepleşik oňa tomaşa edenleriň ýadynda bolsa gerek. Şol gepleşigi gyzykly hem şowhunly edip taýýarlap alyp baran halypa kinoçy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gapbarguly Hümmedow baradaky ýagşy ýatlamalary okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Gapbar aga bilen men ilkinji gezek 1999-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda duşuşdym. Men talyplara telewideniýede gepleşikleri taýýarlamak we alyp barmak dersi boýunça, Gapbar aga bolsa türkmen kino sungatynyň taryhy dersinden sapak berýärdi. Şondan kän wagt geçmänkä bolsa men «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işlemeli boldum. Görüp otursam Gapbar aga hem bu ýerde işleýän eken. Şeýdip biz onuň bilen dostlaşyp gidiberdik. Maňa bu halypa kinoçydan kino sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmek miýesser etdi. Şeýlelikde, ikimiziň aramyzda halypa-şägirtlik ýoly başlandy. Gapbar aga açyk göwünli, örän ýumşak, işjanly, ýiti zehinli adamdy. Ol kino sungatynyň inçe syrlaryny gaty gowy bilýärdi.
Gapbarguly Hümmedow 1952-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde dünýä inýär. Orta bilimi obalaryndaky 20-nji orta mekdepde alýar. Ol mekdepde, esasan, edebiýat bilen taryh sapaklaryna ýykgyn edýär. Çeper eserleri okamagy, kinofilmlere tomaşa etmegi oňat görýär. Ol türkmen filmleri bilen bir hatarda daşary ýurt filmlerine hem sypdyrman tomaşa eder eken.
Orta mekdebi tamamlan Gapbar Kerki şäherçesinde ýerleşýän suwaryş edarasynda işe ýerleşýär. Soňra ol Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmäge gidýär.
Ol 1970-nji ýylda Aşgabadyň şol wagtky gidromelioratiw tehnikumyna okuwa girýär. Bu ýeri 1976-njy ýylda tamamlan ýaş ýetginjegiň okuwyny dowam etdirmek höwesi döreýär. Ol Moskwanyň kinematografiýa institutyna resminamalaryny tabşyrýar. Institutyň kino sungatyny öwreniş bölümi boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran Gapbar okuwa kabul edilýär. 1986-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap gelen ýaş hünärmeni «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe kabul edýärler. Bu ýerde Gapbar kinostudiýanyň dürli bölümlerinde dürli kärlerde, wezipelerde işlemek bilen türkmen kino sungatyna ýene-de bir ýiti zehinli hünärmeniň goşulandygyny görkezýär.
Ol kinorežissýor, filmiň gurnaýjysynyň orunbasary, önümçilik bölümiň hünärmeni, filmiň redaktory wezipelerinde işläp, şol wezipelerde özüniň ukyp-başarnygyny görkezmegi başarýar. Şondan soň ony birleşigiň edebi-esasyny düzýän bölüminiň baş redaktory wezipesine belleýärler. Gapbar aga «Türkmenfilm»-de işlän döwri birnäçe filmlere ssenariýa ýazyp, özi hem režissýor hökmünde surata düşürýär. Şol filmlerden «Gyzylaýak – meniň obam», «Goşa Japarow», «Türkmen teatry», «Raç Kapury ýatlap», «Folklor festiwaly», «Türkmenistan we dünýä kino sungaty», «Sungata bagyş edilen ömür», «Maýa Kulyýewa» ýaly hronikal-dokumental we çeper-publisistik filmler kino muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşy alnan filmler bolupdy. Gapbar aga aktýor hökmünde-de uly bolmadyk keşpleriň birnäçesini janlandyrdy. Ol «Ýylanly ada», «Öwrüm», «Çüýşeden çykan jyn», «Nebis dert, göwün derman», «Ýyldyzlar öçmeýärler», «Ene gudraty», «Dünýä akyl ýetirmek», «Kalbymyň owazy», «Bagt guşy», «Muňa durmuş diýerler», «Şaýly gelin», «Gedaý bagşy», «Mährem Çynar» ýaly doly we gysga göwrümli çeper filmlerdäki döreden keşpleri bilen türkmen kino sungatyna öz goşandyny goşdy. Gapbar aga «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işlän döwri ýüzlerçe filme redaktorçylyk edip, şol filmleriň şowly çykmagy üçin ukyp-başarnygyny, yhlasyny, zehinini siňdirip, kino sungatyna bütin durky bilen berlip, şol sungat bilen ýaşaýandygyny subut etmegi başardy. Ol öz iş tejribesini ýaşlara öwretmekden çetde duranokdy. Ondan kino sungaty, onuň taryhy barada kän zat öwrense bolýardy. Ol alçakdan wäşi ynsandy. Ol filmlerdäki wakalary seljerip, baha bermegiňem ussadydy. Gapbar aga kinossenariýalary önümçilige taýýarlap, surata düşürjek režissýoryň döredijiligi babatda amala aşyrýan işlerine goldaw berip ugrukdyryp goýbererdi. Ol redaktorlyk edýän filmlerine başyndan tä ahyryna çenli gözegçilik ederdi.
Gapbar Hümmedowyň esasy işiniň aşa känligine garamazdan türkmen telewideniýesiniň «Miras» teleýaýlymy boýunça ýaýlyma berilýän türkmen hem dünýä kino sungatynyň taryhy barada gepleşigiň edebi esasyny düzüp hem özüniň alyp barmagy şägirtlerini geň galdyrýardy. Ol, esasan hem, hindi dramaturgiýasyna, aktýorlaryna we olaryň durmuşlaryna, döredýän ähli filmlerine bäş barmagy ýaly beletdi. Şonuň üçinem Gapbar aganyň taýýarlaýan şol gepleşiklerine halkymyz uly höwes bilen tomaşa edýärdiler. Bular bolsa halypa kinoçynyň kino sungaty boýunça ylym-bilim alandygyny, tejribe toplandygyny we kino sungatyny bütin durky bilen söýýändigini görkezýärdi.
Gapbar aga ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda hem makalalar bilen çykyş edýärdi. Ol, esasan, halypa teatr we kino aktýorlarynyň, ykballaryny medeniýete, sungata bagyş eden ynsanlaryň durmuş we döredijilik ýollary hakynda ýazardy. Ol esasy işiniň daşyndan birleşigiň kärdeşler arkalaşygyna-da ýolbaşçylyk edip, her ýyl dabaraly bellenip geçilýän Täze ýyl baýramçylygyny hem şowhunly edip gurap, Aýazbabanyň keşbini hem özi ýerine ýetirerdi. Işe şeýle yhlasly bolany üçin hem ol kärdeşleriniň arasynda uly abraýa eýedi. Ol uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi-de başarýardy. Şeýle bolansoň ony kino işgärleriniň hemmesi sylaýardy. Gapbar Hümmedow kinostudiýada işlän döwürleri daşary ýurtlarda geçirilýän kinofestiwallara, Medeniýet günlerine gatnaşýardy.
Gapbar Hümmedow özüniň köp ýyllaryň dowamynda toplan iş tejribesini talyp ýaşlara geçirmek maksady bilen 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryna kino sungatynyň taryhy sapagyndan sapak berip başlaýar. Onuň okadan talyplary häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän medeniýet ojaklarynda halka medeniýetli hyzmat edip ýörler.
Gapbar aga bir gezek gürrüňdeşlikde öz tälim berýän talyplary hakynda şeýle diýipdi:
– Men öz okadýan talyplaryma diňe pedagog hökmünde däl-de, ata gözi bilen garaýaryn. Men olara diňe bir kino sungatynyň taryhyndan däl-de, türkmen teatr hem kino sungatynda yz galdyryp giden halypa aktýorlardyr režissýorlaryň geçen ýollary hakynda-da gürrüň berýärin. Men olary talyp däl-de, öz perzentlerim ýaly eý görýärin. Şonuň üçin bolsa gerek, instituty tamamlap giden talyplarym meniň hal-ahwalym bilen gyzyklanyp, halymdan habar alyp durýarlar. Bu bolsa meniň depämi gök diredýär. Şeýle ýagdaý olara meniň öz mährimi siňdirenligimiň netijesi bolsa gerek.
Halypa kino işgäri Gapbarguly Hümmedowyň medeniýetde we kino sungatynda yhlasly çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri diýen hormatly at dakylýar. Esasy belläp geçmeli zatlaryň biri-de, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan taýýarlanan türkmen medeniýetine we sungatyna ykbalyny baglap, öçmejek yz galdyryp, özleriniň saldamly goşandyny goşan halypalaryň döredijiligi baradaky kitapda Gapbar Hümmedowyň hem ornunyň bolmagydyr. Gapbar aganyň özi hem türkmen we dünýä kino sungatynda yz goýup giden halypa kinorežissýorlaryň, kinooperatorlaryň, aktýorlaryň, kinossenariýaçylaryň döredijiligi barada maglumatlary toplap, çap üçin taýýarlamak bilen hem meşgul bolupdy.
Gapbar aga ýanýoldaşy Zülfiýa ýeňňe bilen dört perzendi, ýagny iki ogly, iki gyzy kemala getirip, durmuş ýoluna atardylar. Olaryň dört perzendinden 12 agtygy bar. Olar ykbalyny türkmen kino sungatyna bagyş eden atalaryny ýagşylykda ýatlap, buýsanýarlar.
Gapbar Hümmedow bilen Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde bile zähmet çeken, ençeme kinofilmlerde aktrisa hökmünde keşp janlandyran Ejebaý Öwezjanowa şeýle ýatlaýar:
«Gapbarguly Hümmedow türkmen kino sungatynyň taryhyna we şu gününe bäş barmagy ýaly beletdi. Ol nirede gezip ýören hem bolsa, jaň edip maslahat sorasaň, beren soragyňa ýaltanman jogap bererdi. Gapbar aga bilen diňe bir kärdeş däl, hat-da ataly gyz ýaly bolup işledik. Men bu halypadan kino sungaty barada gaty kän zat öwrendim. Olam meni edil öz gyzy ýaly görerdi. Ol hatda meniň döredijilik we durmuş ýolum barada makalada ýazypdy. Men elmydama, haýsy filmde işlemeli ýa-da keşp janlandyrmaly bolsam ondan maslahat soraýardym».
Halypa kinoçy Gapbarguly Hümmedow 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda aradan çykdy. Bu päk ýürekli ynsan ony tanaýanlaryň, kärdeş ýoldaşlarynyň, talyplarynyň ýüreklerinde hemişelik ýaşar. Çünki ýagşy adam ýatdan çykmaýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni.