20-nji ýan­war­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Ar­ka­dag şä­he­rin­de bol­ma­gy­nyň bar­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 2024-nji ýy­lyň 15-nji we 17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ak dost» at­ly türk­men ala­ba­ýy­nyň ga­za­nan ýeň­şi ha­kyn­da bel­le­di.
Ýe­ri ge­len­de ýat­la­sak, «Ak dost» («Ak­dus») at­ly türk­men ala­ba­ýy 2021-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­lip­di.
Türk­men ala­ba­ýy bi­rin­ji sy­la­ga şu ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ryn­da aras­sa­gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy üçin my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da it­le­riň bo­ýu­na, ag­ra­my­na, be­den gur­lu­şy­na, sag­lyk ýag­da­ýy­na, owa­dan­ly­gy­na we aras­sa gan­ly Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­la­ry­nyň umu­my yk­rar edi­len ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne üns be­ril­ýär.
Türk­men ala­ba­ýy ikin­ji sy­la­ga 17-nji ýan­war­da düş­bü­li­gi, üns­lü­li­gi we buý­ru­gy ýe­ri­ne ýe­tir­mek uky­by üçin eýe bol­dy.
«Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça çem­pio­na­ta tu­tuş Rus­si­ýa­dan 200-e go­laý it gat­naş­dy.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, «Ak dost» Rus­si­ýa­nyň dür­li şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len bir­nä­çe ser­gä we bäs­le­şi­ge gat­na­şyp, tej­ri­be top­la­dy.
Ol bu bäs­le­şik­ler­de emin­le­riň ýo­ka­ry ba­ha­la­ry­na my­na­syp bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu aja­ýyp wa­ka my­na­sy­bet­li «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­ny gut­la­dy we ola­ra mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.