Arkadag şäherinde «Jinma» elektrik ulaglarynyň täjirçilik maksatly ulanylmagy, durnukly ulag maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ugrunda uly ädim boldy. Gonkongda ýerleşýän «RunHorse» kompaniýasy tarapyndan öndürilen ulag daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýar. Kiçi göwrümli ykjam ulag bilen ýaşaýjylara sargyt edilen harytlar iberilýär. Häzirki wagtda Arkadag şäher söwda müdirliginiň ykdysady bölümi «Jinma» elektroulaglarynyň birnäçesini ulanýar. Bu ulaglar bilen dürli iýmit önümleri we gyzgyn tagamlar sargyt edilen salgysyna eltilip berilýär. Mundan başga-da, bölümiň ygtyýarynda gök önümleri we çalt zaýalanýan önümleri daşamak üçin amatly sowadyjy enjam bar.
«Jinma» elektrik ulaglary tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Model görnüşine baglylykda, 2-3 sagadyň dowamynda doly zarýad alyp, 90-120 kilometre çenli ýoly geçmäge ukyplydyr.