Awst­ra­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýurt­da 3,3 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum go­ýan­la­ra be­ril­ýän he­mi­şe­lik ýa­şa­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma be­ril­ýän düz­gü­niň ne­ti­je ber­män­di­gi se­bäp­li ýa­tyr­mak ka­ra­ry­na gel­di. Ýur­duň hö­kü­me­ti mu­nuň ýe­ri­ne ýo­ka­ry hü­när­li adam­la­ra has köp yg­ty­ýar­na­ma ber­mä­ge üns be­rer. BBC-niň ha­ba­ry­na gö­rä, 2012-nji ýyl­dan bä­ri müň­ler­çe ada­ma ady ag­zal­ýan mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de müň­ler­çe ada­ma “äh­mi­ýet­li ma­ýa­dar wi­za­sy” (SIV) at­ly res­mi­na­ma be­ril­di. Ýurt­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ma­ga yg­ty­ýar ber­ýän bu mak­sat­na­ma­dan peý­da­la­nan­la­ryň 85 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýyň ra­ýat­la­ry­na ber­lip­dir. Ýur­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­my­ny çek­mek we in­no­wa­si­ýa­ny hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan ýe­ňil­lik­den peý­da­lan­mak üçin da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry 5 mil­li­on awst­ra­li­ýa dol­la­ry (ýa-da 3,3 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum goý­ma­ly­dy­lar.