Kot-d’Iwuarda dowam edýän 34-nji Afrika Milletler Kubogynda 1/8 finala çykan toparlaryň ählisi belli boldy.
“A” toparçada Ekwator Gwineiýasy bilen Nigeriýanyň ýygyndylary 7 utuk toplap, 1-2-nji orny eýelediler. Soňky 2 duşuşygynda ilki 1-0, soňra 4-0 hasaplar bilen utulan ýer eýeleri Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 3-nji orny eýelänleriň arasynda iň gowy 4 toparyň biri bolup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.
Müsüriň ýygyndysy 3 duşuşygyny hem deňme-deň oýnady
“B” toparçada Kabo Werdeniň ýygyndysy 7 utuk bilen 1-nji orna mynasyp boldy. 3 duşuşygyny hem 2-2 hasabynda deňlikde tamamlan yklymyň iň köp çempionlyk gazanan topary Müsüriň ýygyndysy ne ýeňiş gazandy, ne-de ýeňildi. 3 utuk toplan müsürliler 2-nji orny eýeledi. Gananyň ýygyndysy 2 utuk bilen toparçada 3-nji orny eýeläp, bassyr 3-nji çempionatynda toparçadan çykyp bilmedi.
“C toparçada soňky çempion Senegalyň ýygyndysy Kameruny 3-1, Gwineýany-da 2-0 hasaplar bilen utdy. Olar toparçada 9 utuk bilen 1-nji orny eýeledi. 3-nji duşuşygynda Gambiýany soňky minutlarda Woohyň geçiren goly esasynda 3-2 hasap bilen ýeňen Kamerun hem ýaryşy dowam etdirer. Toparçada Kamerun bilen utugy (4 utuk) deň bolan Gwineýanyň ýygyndysy 3-nji orny eýeläp, 1/8 finala çykdy.
“D” toparçada ýeňlişsiz 7 utuk toplan Angola 1-nji, Burkino Faso 2, Mawritaniýa 3-nji orny eýeläp, ýaryşy dowam etdirerler. Düzüminde ýyldyz oýunçylary bolan 2019-njy ýylyň çempiony Alžir üçin çempionat tamamlandy. Mawritaniýanyň ýygyndysy ilkinji gezek 1/8 finala çykdy.
“E” toparçadaky duşuşyklaryň 3-si deňlikde tamamlandy. Netijede, Mali 5, Günorta Afrika bilen Namibiýa 4 utuk toplap, nobatdaky tapgyra atlaryny ýazdyran toparlar boldy. Namibiýanyň ýygyndysy ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy. Tunis üçin bolsa ýaryş wagtyndan ir tamamlandy.
“F” toparçada çempionlygyň dalaşgärlerinden Marokko Kongo DR bilen deňme-deň oýnanyndan soň, Zambiýany Ziýeşiň goly bilen 1-0 ýeňdi we 1-njy orny eýeledi. 3 duşuşygyny-da deňlikde tamamlan Kongo DR-niň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala çykdy.
1/8 finalda 27-nji ýanwarda Angola – Namibiýa (22:00), Nigeriýa – Kamerun (01:00), 28-nji ýanwarda Ekwator Gwineýasy – Gwineýa (22:00), Müsür – Kongo DR (01:00), 29-njy ýanwarda Kabo Werde – Mawritaniýa (22:00), Senegal – Kot-d’Iwuar (01:00), 30-njy ýanwarda Mali – Burkino Faso (22:00) hem-de Marokko – Günorta Afrika (01:00) duşuşyklary geçiriler. Ýeňiş gazanan toparlar 2-3-nji fewralda geçiriljek çärýek finala çykarlar.