Her ýyl­da 1,5 mil­li­ar­da go­laý adam hy­taý Tä­ze ýy­ly­ny bel­le­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk Hy­taý­da hem-de Wýet­nam, Tai­land, Ko­re­ýa ýa­ly Uzak Gün­do­gar ýurt­lar­ynda, şeý­le hem Awst­ra­li­ýa, Ka­na­da ýa­ly uzak gün­do­gar­ly­la­ryň has köp ýa­şa­ýan ýer­le­rin­de giň­den bel­le­nil­ýär. Öýün­den uzak­da oka­ýan, iş­le­ýän adam­lar bu baý­ram­çy­ly­gy maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de ge­çir­mek üçin uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýär­ler. Baý­ram­çy­ly­gyň wag­ty Aýyň Ýe­riň da­şyn­da­ky aý­la­wy­na gö­rä bo­lan­soň, her ýyl üýt­ge­ýär. Şu ýyl­ky baý­ram­çy­lyk 10-njy few­ral­da baş­la­ýar. Res­mi dynç gü­ni bir hep­de bol­sa-da, baý­ram­çy­lyk 14-15 gün do­wam ed­ýär. Dä­be gö­rä, bu baý­ram­çy­lyk tä­ze Aýyň do­gan gü­ni baş­lap, do­lan Aý gö­rün­ýän­çä do­wam ed­ýär. Köp ýurt­da eý­ýäm hy­taý Tä­ze ýy­ly my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.

Şe­ker RE­JE­PO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 30-njy ça­ga­lar ba­gy­nyň mü­di­ri.