Dört gün­lük iş hep­de­si sy­nag­dan ge­çi­ri­ler

70

Do­mi­nikan Res­pub­li­ka­syn­da dört gün­lük iş hep­de­si­niň sy­nag­dan ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň hö­kü­me­ti meý­le­tin­lik esa­sy­na gö­rä, hep­de­lik iş wag­ty­nyň 44 sa­gat­dan 36 sa­ga­da dü­şü­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy. Iş wag­ty­nyň aza­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, iş­gär­ler şol bir aý­ly­gy alar. Few­ral aýyn­dan baş­la­jak sy­na­gyň möh­le­ti al­ty aý do­wam eder. Ýur­duň zäh­met mi­nist­ri Lu­is Mi­g­el de Kamps bu baş­lan­gyç bi­len adam­la­ra ar­tyk­maç­lyk be­ril­ýän­di­gi­ni, sag­ly­gyň we asu­da­ly­gyň art­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny, dur­nuk­ly we daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz önüm­çi­li­giň hö­wes­len­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu sy­na­ga gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da ýur­duň öň­de­ba­ry­jy te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, ener­gi­ýa we sag­ly­gy go­ra­ýyş kom­pa­ni­ýa­la­ry hem bar. Hä­zir­ki wagt­da buýurtda iş wag­ty, adat­ça hep­dä­niň bäş gü­ni 8 sa­gat, al­tyn­jy gün 4 sa­gat. Em­ma hep­de­lik 44 sa­gat­dan geç­mez­lik şer­ti bi­len iş gün­le­ri­ni üýt­ge­dip bol­ýar.
Mun­dan ozal Bel­gi­ýa, Ang­li­ýa, Is­lan­di­ýa ýa­ly dün­ýä­niň kä­bir ýurt­la­ryn­da dört gün­lük iş hep­de­si sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di. Çi­li­de bol­sa hep­de­lik iş wag­ty 45 sa­gat­dan 40 sa­ga­da dü­şü­ri­lip­di.

Di­dar ÇA­RY­ÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.