Dominikan Respublikasynda dört günlük iş hepdesiniň synagdan geçiriljekdigi mälim edildi. Ýurduň hökümeti meýletinlik esasyna görä, hepdelik iş wagtynyň 44 sagatdan 36 sagada düşüriljekdigini aýtdy. Iş wagtynyň azalandygyna garamazdan, işgärler şol bir aýlygy alar. Fewral aýyndan başlajak synagyň möhleti alty aý dowam eder. Ýurduň zähmet ministri Luis Migel de Kamps bu başlangyç bilen adamlara artykmaçlyk berilýändigini, saglygyň we asudalygyň artdyrylýandygyny, durnukly we daşky gurşaw üçin zyýansyz önümçiligiň höweslendirilýändigini belledi. Bu synaga gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň arasynda ýurduň öňdebaryjy telekommunikasiýa, energiýa we saglygy goraýyş kompaniýalary hem bar. Häzirki wagtda buýurtda iş wagty, adatça hepdäniň bäş güni 8 sagat, altynjy gün 4 sagat. Emma hepdelik 44 sagatdan geçmezlik şerti bilen iş günlerini üýtgedip bolýar.
Mundan ozal Belgiýa, Angliýa, Islandiýa ýaly dünýäniň käbir ýurtlarynda dört günlük iş hepdesi synagdan geçirilipdi. Çilide bolsa hepdelik iş wagty 45 sagatdan 40 sagada düşürilipdi.
Didar ÇARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









