Gyş paslynda geçirilmegi bilen Premier Ligadyr Ligue 1 ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryna özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýän Afrika Milletler Kubogynda garaşylmadyk netijeler hasaba alynmagyny dowam edýär. Başdanaýak faworitleriň kynlyk bilen ýeňiş gazanyp, käbirleriniň soňky demde 1/8 finala çykmagy, käbirleriniň bolsa düzüminde ýyldyz oýunçylaryň bardygyna garamazdan, çempionat bilen ir hoşlaşmagy ýaly wakalary özünde jemleýän 34-nji Afrika Milletler Kubogynda çärýek finala garaşylýan toparlaryň käbirleri çykyp bilmedi.

Gana, Alžir, Tunis ýaly ýygyndylar toparçadan çykyp bilmändi. 1/8 finaldan soň bolsa Kamerun, Müsür, Senegal we iň soňky duşuşykda-da Marokko ýaryşdan çykdy.

Ýer eýeleri Kot-d’Iuwaryň soňky çempion Senegaly, Gwineýanyň Müsüri penaltileriň netijesinde utmagyndan soň, Katar 2022 Dünýä Kubogynda hemmäni haýran galdyran Marokko hem ýaryş bilen hoşlaşdy. 1/8 finalda Günorta Afrikanyň ýygyndysyndan 2-0 hasabynda utulan Marokko çempionlygyň iň esasy 2 dalaşgäriniň biri hasaplanýardy. Duşuşykda Günorta Afrikanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary 57-nji minutda Makgopa bilen 90+5-nji minutda Mokoena derwezä girizdi. Şunlukda, Dünýä Kubogynda 4-nji orny eýelän Marokkonyň ýygyndysy 2-0 hasabynda asgyn gelip, yklym ýaryşynda ilkinji 8 toparyň arasyna hem girip bilmän ýaryşdan çykdy.

Çärýek finalyň başga bir duşuşygynda Maliniň ýygyndysy Burkino Fasonyň ýygyndysyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Maliniň ýygyndysynyň gollaryny 3-nji minutda Tapsoba (awtogol) hem-de 47-nji minutda Sinaýko geçirdi. Burkino Fasodan bolsa Traoreniň 37-nji minutdaky penalti goly ýeňşe ýeterlik bolmady.

2-3-nji fewralda geçiriljek çärýek final duşuşyklarynda Nigeriýa bilen Angolanyň, Kongo DR bilen Gwineýanyň, Mali bilen Kot-d’Iwuaryň hem-de Kabo Werde bilen Günorta Afrikanyň ýygyndylary duşuşarlar.