Jeýms Webbiň adyny göterýän kosmos teleskopy arkaly 60 million ýagtylyk ýyly uzakdaky spiral şekilli galaktikalaryň suraty alyndy. Ýewropa Kosmos agentligi (ESA) teleskop arkaly alnan 19 galaktikanyň suratyny ýaýratdy. Bu suratlar galaktikalary emele getirýän ýyldyzlaryň, gazyň we kosmiki tozanyň nähili emele gelendigini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ýerden 15 million ýagtylyk ýyly uzakdaky galaktikalaryň iň ýakynyna “NGC5068” diýlip at berildi. “NGC1365 atly iň uzakdakysy bolsa, 60 million ýagtylyk ýyly daşlykda ýerleşýär.
NASA-nyň, ESA-nyň we Kanada kosmos agentliginiň bilelikkdäki taslamasy bolan bu teleskop 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan uçurylýar. Onuň ahyrky maksady kosmosyň 13,5 milliard ozalky, ýagny Uly partlaýyşdan bary-ýogy 100-200 million ýyl soňky ýagdaýyny öwrenmekden ybaratdyr. NASA-nyň 1990-njy ýylda uçurylan we häzirki wagtda hem ulanylýan NASA-nyň Habbl teleskopy bolsa, kosmosy optiki we ultramelewşe tolkunlary arkaly öwrenmäge ýardam edýär.