29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda 2024-nji ýylda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Sebitlerde ekilmegi meýilleşdirilýän ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereklerinde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Häkimler gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme taýýar edilmegini, ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallar abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.