31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz 27-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Mejlisiň dowamynda hajy Arkadagymyz häzirki wagtda ägirt uly durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýändiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan asylly işleriniň wajypdygy aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşuly A.Myradowy agzalyga hödürläp, onuň asylly şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada bellediler.
Ýaşulular geňeşine kabul edilen täze agza Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent maksatlaryň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasyny, bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkyň, hususan-da ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Gahryman hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeni syýasat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär. Çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan häzirki taryhy döwrüň birnäçe möhüm wakalar bilen dabaralanýandygy nygtaldy. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr. Çykyş edenler geçirilýän ähli çäreleriň we meýilleşdirilen ýubileý dabaralarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňişleýin tanyşmagyna, şahyryň zehinini açyp görkezmäge, ynsanperwer dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilendigini bellediler.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Hormatly ýaşulularyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylykdan ugur almalydyklary, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýyn bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky lukmançylyk merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara dürli operasiýalar geçirilýär, bejergi işleriniň tölegleri tölenilýär, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeler yzygiderli satyn alynýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy hem-de atalyk aladalary esasynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.
Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer çäreleri dostlukly döwletler tarapyndan giňden goldanylýar we bu ýurtlarda gaznanyň haýyr-sahawat işlerine gyzyklanma artýar. 2023-nji ýylda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň ugradylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň netijeleridir.