«Aş­ga­bat şä­her te­le­fon ul­ga­my» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry üçin ýö­ri­te PIN-bel­gi­ni ulan­maz­dan tö­leg­le­ri oňaý­ly hem-de howp­suz ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän «eKas­sa» mo­bil go­şun­dy­sy­ny ula­ny­şa gi­riz­di.
Esa­san hem, «eKas­sa» yk­jam go­şun­dy­sy bi­len «Al­tyn Asyr» kart ul­ga­my ar­ka­ly ulan­ýan müş­de­ri­ler üçin tö­leg et­mek has ýe­ňil­leş­di­ril­di. Müş­de­ri­ler mun­dan beý­läk kart bel­gi­le­ri­ni gi­ri­zip öz kart­la­ry­ny go­şup bi­ler­ler. Şeý­le hem AŞ­TU hyz­mat­la­ry­ndan peý­da­lan­ýan­lar, ýag­ny CDMA (20-lik), öý te­le­fony, in­ter­net we IPTV hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­ni ýe­ňil­lik bi­len ama­la aşy­rar­lar.
Mo­bil go­şun­dy­ny «Go­og­le Play» hem-de «App Sto­re» in­ter­net dü­kan­la­ryn­dan ýük­läp alyp bi­ler­si­ňiz.

GPON teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ryl­ýar
Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bir­nä­çe tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny düýp­gö­ter öz­gert­mek, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu ba­bat­da «Aş­ga­bat şä­her te­le­fon ul­ga­my» ÝGPJ Aş­ga­ba­dyň ýa­şaý­jy­la­ry­na we eda­ra-kär­ha­na­la­ry­na hä­zir­ki za­man GPON (Gi­ga­bit pas­sive op­tical net­work) teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de ama­la aşyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär.
Mag­lu­mat­la­ry ge­çir­mek üçin ulag gur­şa­wy hök­mün­de op­ti­ki-sü­ýüm­li ka­bel­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn ulan­mak hä­zir­ki wagt­da iň amat­ly usul bo­lup, müş­de­ri­ler ta­ra­pyn­dan göw­rü­me we ýo­ka­ry mag­lu­mat ge­çi­riş tiz­li­gi­ne bar­ha art­ýan is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Müş­de­ri­le­re te­le­fon ara­gat­na­şy­gy, in­ter­net we IPTV hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da GPON teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ula­nyl­ma­gy her bir öýe se­kunt­da 100 me­ga­baýt tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Mer­jen DUR­DY­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.