Awtoulaglaryň bahalarynyň amatlylygy barada aýdylanda, ilki bilen «Toyota» ýadyňa düşýär. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda baha-hil ölçegi boýunça iň gowy awtoulaglar dünýäde iň köp satylan «Camry» ýa-da «Corolla» däl-de, eýsem, başga bir meşhur ýapon markasynyň önümleri boldy. «U.S.News and World Report» neşiri tarapyndan taýýarlanan, öz bahasyna degýän iň gowy awtoulaglaryň sanawynda birinji orna «Honda Accord» eýe boldy. Sanawyň ikinji basgançagyna «Toyota Camry», üçünji orna «Kia K5» ýerleşdi. «Honda» brendiniň ýene bir modeli – «Civic», şeýle hem «Toyota Corolla» we «Hyundai Elantra» öňdebaryjylaryň altylygyna girdiler. Täsin ýeri, amerikan bazarynda «Honda»-nyň awtoulaglary «Toyota» kompaniýasynyň ulaglaryndan has gymmatdyr. Şeýle-de bolsa, baha-hil gatnaşygy deňeşdirilip taýýarlanylýandygy sebäpli ulaglaryň sanawdaky orunlary başgaçarak bolýar.
Hatyja ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.