Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan türk­men ala­baý it­le­ri­niň dün­ýä ýü­zün­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak, ola­ry go­rap sak­la­mak we kö­pelt­mek, to­hum­çy­ly­gy­ny alyp bar­mak hem-de bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ös­dür­mek bo­ýun­ça uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Şu ýy­lyň 15–17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da 2021-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost (Ak­dus) at­ly türk­men ala­ba­ýy «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» di­ýen ýa­ryş­da iki ugur bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bol­dy. Ol bi­rin­ji sy­la­ga aras­sa gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy üçin, ikin­ji sy­la­ga bol­sa düş­bü­li­gi, üns­lü­li­gi üçin my­na­syp bol­dy. «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça çem­pio­na­ta tu­tuş Rus­si­ýa bo­ýun­ça 200-e
go­laý it gat­naş­dy. Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­syn­dan ge­lip gow­şan şat­lyk­ly ha­ba­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ha­bar ber­di. Bu hoş ha­bar hal­ky­my­zy, aý­ra­tyn-da, ýur­du­my­zyň it­şy­nas­la­ry­ny be­gen­dir­di.
Türk­men ala­baý­la­ry­nyň eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy, duý­gur­ly­gy, düş­bü­li­gi esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr. Ala­baý it­le­ri hem ga­myş­gu­lak be­dew­le­r ýa­ly hal­ky­my­zyň ýa­kyn dos­tu­dyr. Säh­ra­lyk­lar­da ýa­şan, çar­wa­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan hal­ky­my­zyň ýa­şaý­şy­ny ala­baý­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ma­ýar. Çün­ki we­pa­ly­ly­gyň, gaý­rat­ly­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan ala­baý it­le­ri ço­pan­la­ryň iň ýa­kyn hos­sa­ry, da­ýan­jy ha­sap­la­nyp­dyr.
Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da türk­men ala­baý it­le­ri­ne aý­ra­tyn üns bi­len ga­ral­ýar, olar hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy ha­sap­lan­ýar. Her ýyl ýur­du­myz­da Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my­nyň bel­le­nip ge­çil­me­gi, paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň top­lu­my­nyň baş bi­na­sy­nyň, «Türk­men ala­ba­ýy» ýa­dy­gär­lik bi­na­sy­nyň, we­la­ýat­la­ry­myz­da türk­men ala­baý it­le­ri­niň mer­kez­le­ri­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi ola­ra go­ýul­ýan ýo­ka­ry sar­pa­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da türk­men ala­baý­la­ry­na eýe­çi­lik gö­zi bi­len ga­rap, ola­ry özü­niň we­pa­ly ýol­da­şy ha­sap­la­ýan it­şy­nas­la­ra «Türk­me­nis­ta­nyň halk it­şy­na­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan it­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly at­la­ryň dakylmagy, her ýyl ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan ala­ba­ýa «Ýy­lyň türk­men eder­men ala­ba­ýy» me­da­ly­nyň be­ril­me­gi türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy bo­lan ala­baý­la­ra go­ýul­ýan hor­ma­tyň ny­şa­ny­dyr.
Ýur­du­myz­da aras­sa gan­ly it­le­riň sak­la­nyl­ma­gy­na, tä­ze ugur­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne, ala­baý­la­ryň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len yl­my-seç­gi­çi­lik iş­le­ri yzy­gi­der­li ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hem aý­ra­tyn orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Türk­men ala­baý­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­ny ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan asyl­ly iş­ler mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Bu iş­le­riň äh­li­si ýaş­la­ryň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýar.

Rus­tam GY­LY­JOW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.