Russiýa «Demirgazyk — Günorta» Halkara ulag geçelgesi bilen baglanyşykly geljegi uly bolan ulag geçelgeleriniň ikisini ösdürmek işine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «GDA-nyň ykdysady ösüş boýunça işewürlik merkezi» assosiasiýasynyň Baş direktory Wadim Ganin GDA-nyň ulag boýunça işewürlik gepleşikleriniň ikinji ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.
Birinji taslama Özbegistan tarapyndan 2021-nji ýylda başlanan «Owganystanyň üstünden uzaýan geçelgäni» döretmek. Täze ulag geçelgesi Ýewropa Bileleşigi, Belarus, Russiýa, Özbegistan, Owganystan, Pakistan, Hindistan we Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini birleşdirer. Gyrgyzystan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» ýa-da «Günorta ulag geçelgesi» multimodal geçelgesini döretmek boýunça infrastruktura başlangyjy bilen çykyş etdi.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäginde ýük daşamak üçin demir ýoluň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolar. Gyrgyz tarapy hut şu mümkinçiligi ileri tutýar. Ilki bilen konteýnerleriň Gyrgyzystandan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna getirilmegine garaşylýar. Soňra bolsa paromlarda Russiýa ugradylar.
Döwletara taslama durmuşa geçirilip başlansa, Türkmenistan ýörite port ykdysady zolagynda logistika merkezini döredip, Gyrgyzystandan gelýän harytlar Russiýa iberilmezden öň şol ýerde saklanar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm