Ýolsuz ýerde hereket etmäge ukyply “Toyota Fortuner” awtoulagynyň häzirki nesli gözbaşyny 2015-nji ýyldan alyp gaýdýar we ol “Hilux” kysymly awtoulagyň uly açyk ýük bölümine zerurlyk duýmaýan müşderileriň iň halaýan görnüşine öwrüldi. Indi ýapon inženerleri ulagyň ozalky nusgalary bilen deňeşdirilende, birnäçe täze üýtgeşmeleri özünde jemlejek nobatdaky nesliniň üstünde işleýärler. “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň täze nesliniň suratlary neşir edildi. Dizaýneriň pikiriçe, Aziýada meşhur bolan we ýakynda Russiýada hödürlenen “Tacoma” kysymly pikabyň käbir çözgütleri ornaşdyrylyp, ol ep-esli üýtgedilen daşky görnüşe eýe bolar. Ulagyň öň tarapynda awtoulagyň özboluşly bamperi, radiator gözenekleri we düýbünden başgaça çyralar bolar. Ýeňil ulagyň daşky çarçuwasynyň gapdal taraplaryny özboluşly ýygyrtlar gurşap alar, arka tarapynda bolsa, keseligine ýerleşdirilen çyralaryň ýerine dik çyralar ornaşdyrylar we yzky gapynyň merkezindäki örtükler bolmaz. Ulag 48 woltluk goşmaça kuwwatyny utgaşdyrýan 2,8 litrlik “ýokary güýçli” dizel hereketlendirijisi bilen tapawutlanar. Oňa 5 tizlik geçirijili mehaniki hem-de 6 tizlik geçirijili awtomatik geçiriş ulgamy kömek eder. “Toyota Fortuner” awtoulagynyň täze nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň birinji çärýeginde guralar.
Nurmuhammet BERDIMYRADOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









