Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanda surdoterjime hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça sekiz aýlyk taslamany üstünlikli tamamlady we 500-e golaý eşidiş ukyby pes bolan adama ýardam berdi.
2023-nji ýylyň iýunynda USAID GSP taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) bilen hyzmatdaşlykda ýurdymyzda ilkinji bolup, surdoterjime hyzmatlaryny ýola goýdy. Ýedi sany surdoterjimeçi eşidiş ukyby pes bolan adamlara ençeme hökümet we jemgyýetçilik guramalarynda mugt terjime hyzmatlaryny hödürlediler. Bu surdoterjimeçiler USAID GSP taslamasynyň TKKJ bilen hyzmatdaşlykda we Malaýziýa Ilçihanasynyň goldawy bilen guralan alty hepdelik surdoterjimeçilik okuw-maslahatlaryna gatnaşan 12 adamyň arasyndan saýlanyp alyndy.
“Men biziň surdoterjime başarnyklarymyzy ösdürenligi we eşidiş taýdan kemçilikli watandaşlarymyza ýardam edip, olaryň dürli hyzmatlara bolan elýeterliligini döredip, ukyplaryny doly ýüze çykarmaklaryna mümkinçilik döredendigi üçin USAID guramasyna çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, USAID tarapyndan taýýarlanan TKKJ-niň Mary şahamçasynyň surdoterjimeçisi Däne Hojalyýewa belledi.
Şeýle hem, bu surdoterjimeçiler USAID tarapyndan taýýarlanan gollanmalary ulanyp, yşarat dilini öwretmekde mugt maslahatlary berdiler we eşidişi pes bolan ençeme adamyň yşarat dilini ösdürmeklerine ýardam etdiler. Şu güne çenli, USAID-iň ýardam bermeginde geçirilen okuw-maslahatlarynyň netijesinde ähli welaýatlarda 70-den gowrak adam öz maşgala agzalary, dostlary we ýakynlary bilen has erkin düşünişmeklige mümkinçilik gazandy.
“USAID-iň Surdoterjime hyzmatlarynyň üsti bilen, men diňe ilkinji zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem maşgala gymmatlyklaryny we aragatnaşyklaryny güýçlendirip, eşidişi pes bolan adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň durmuşynda uzak möhletleýin täsir galdyryp bildim” diýip, USAID tarapyndan taýýarlanan TKKJ-niň Balkanabat şahamçasynyň surdoterjimeçisi Maýagözel Annaýewa aýtdy.
Bu iş USAID-iň aýratyn zerurlyklary bolan adamlara durmuşy hyzmatlary has elýeterli etmek maksady bilen, toplumlaýyn gurallary we ulgamlary ilerletmek boýunça halkara, ýerli dolandyryş we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan çäreleriniň bir mysalydyr. Şeýle işler arkaly USAID aýratyn zerurlyklary bolan adamlaryň durmuş üpjünçiligine goşant goşmagyna we hemmeler üçin inklýuziw jemgyýeti gurmak baradaky garaýşy durmuşa geçirmäge ýardam berýär.