Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwletimiziň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym-döredijilik bilen meşgullanmaklary hem-de halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15-20-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.
2023-nji ýyl hem ylym-bilim ulgamynda üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Geçen ýylyň dowamynda türkmen talyplary we mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp boldular. 2023-nji ýylda türkmen talyplary halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde 265 medal, şol sanda 58 altyn, 94 kümüş, 113 bürünç medal, toparlaýyn hasapda bolsa 4 altyn, 11 kümüş, 15 bürünç – jemi 30 medal gazanyp, birnäçe diplomlara mynasyp boldular.
Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 10 altyn, 15 kümüş, 58 bürünç medal, halkara internet olimpiadalarynda 81 altyn, 152 kümüş, 116 bürünç medal gazandylar, şeýle hem halkara internet olimpiadalarynda 14 müň 381 diploma mynasyp boldular.
Şeýle ylym-bilim bäsleşiklerine biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendigini bellemek gerek. Şeýle-de, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem şeýle halkara bäsleşikleriň birnäçesi guraldy.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.