Mähriban çagalar! Megerem, siz ukynyň her birimiz üçin örän wajypdygyny bilýänsiňiz. Ukymyz tutanda, beýniniň işjeňligi biraz peselýär. Uky bedeniň dynç almagyny üpjün edýär. Wagtly-wagtynda dynç almak immuniteti hem güýçlendirýär. Gündelik ukynyň dowamlylygy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär. Adam ýadaw bolsa, bedenimiz ukuda wagty köp energiýa harçlaýar. Telewizoryň başynda köp wagtlap, esasan hem, gijäniň bir mahalyna çenli oturmak ukynyň hiline ýaramaz täsir edýär. Şeýle hem wagtynda ýatylanda, adamyň has oňat düýşleri görýändigi aýdylýar. Şonuň üçin hem ir ýatyp, ir turmagy endik etmeli. Uly adamlar üçin 6-7, ýetginjekler we çagalar üçin 8-10 sagat uklamak zerurdyr.
Eýsem, janly-jandarlar näçe wagt uklaýarka?! Mysal üçin, pişikler gije-gündiziň dowamynda 16 sagadyny uklap geçirýärler. Kitlerdir delfinler howpdan goranmak üçin az uky bilen oňňut etmeli bolýarlar. Žiraflar dyzynda ýatsa, ýolbarslar arkanlygyna ýatýarlar. At we goýun dik duran ýerinde uklap bilýär. Ýarganatlar bolsa, gündizine garaňky ýerlere girip, başaşak uklaýarlar. Gijesine bolsa, iýmitlenmek üçin daşary çykýarlar.