9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 107 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 197,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak, suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi täzeden üýtgedip guralýar
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada karara gelendigini aýtdy.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz üýtgedip guralan ministrligiň we täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2024-nji ýylda welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda, bag ekmek hakynda, pile öndürmek hakynda, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we bu resminamalara gol çekdi.