Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atamyrat Halmyradowiç Durdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şyhmyrat Esenowiç Annaýew Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kyýasow Gurbanmyrat Şamyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Artyk Çaryýewiç Bäşimow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Begençmuhammet Muhammedamanowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi Hydyrow Röwşen Sapargulyýewiçe käýinç yglan edildi.
* * *
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, sanly ykdysadyýeti we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň işini giňeltmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Oba hojalyk ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;
gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.
Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:
“Türkmenpagta” döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda:
ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini, ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we üç ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şolaryň ekilişine hem-de ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.
“Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.
Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap:
bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;
nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde;
ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady, medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 258-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Ak bugdaý etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurdumyzy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem resminama bilen, 2024-nji ýylyň jemleri babatda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.
Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.
(TDH)